Türkmenabatda täze “Türkmeniň ak öýi” binasy açyldy

23-nji iýunda Lebap welaýatynda iş saparynda bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabatda täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze ajaýyp binany açyp, bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

“Türkmeniň ak öýi” ähli görkezijiler babatda dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.

Binada dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň akustiki ulgamlary we beýleki zerur enjamlary bilen üpjün edilen uly tomaşalar jaýy ýerleşýär. Şeýle hem bu ýerde giň eýwan, iş, edara we beýleki otaglar bar.

“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär.

Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi.

Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi.

Nigara Rozyýewa,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok