“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tanyşdyrylyş dabarasyna Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Wiçensa şäheriniň meri Françesko Rukko gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanynyň türkmen halkynyň köpasyrlyk däplerini, taryhy we medeni gymmatlyklaryny, gadymy rowaýatlaryň mazmunyny açyp görkezýän, biziň günlerimize gelip ýeten nakyllardan we paýhasly jümlelerden ybarat meşhur filosofik-edebi eseriniň ähmiýetini bellediler.

Bellenilişi ýaly, italýan okyjylary türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, parasatly öwüt-ündewleri baradaky öz garaýyşlaryny giňeltmäge ýene bir ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Bu bolsa netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok