Maýa goýum syýasatynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki orny

       Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilik berýär.

      Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagynyň kämilleşmegi bolsa, jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.

      Maýa goýumlary çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr.

     Ýurdumyza daşyndan çekilýän maýa goýumlar we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna  gönükdirlendir.   

     Ýurdumyzyň daşyndan daşarky we ýurduň içerki maýa goýmak maksatly özleşdirmäge degişli bar bolan serişdeleriň çekilmegini  üpjün etmäge ukyply ykdysady subýektleri, şeýle hem işewürlik ugurlary işläp taýýarlamagyň we netijenamalary çykarmagyň binýatlaýyn şertleri kesgitlenendir.

      Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak, bilimlere we ylymlara hem-de  täze innowasiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly täze döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýan    hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilýän dürli ugurly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.     

     Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de bularyň ählisi döwletimiziň uzakmöhletleýin ösüşini ilerletmäge ygtybarly esas bolup durýar.    

    Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan hem-de täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri durmuşa geçirilýär.

     Erkin telekeçiligiň, harytlaryň, hyzmatlaryň hem-de işleriň maliýe serişdeleriniň erkin hereket etmegi, maýa goýujylaryň, sol sanda, daşary ýurtly maýa goýujylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny kepillendirýän netijeli kanunçylyk binýady emele getirildi.

     Işewürligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksadyny nazarlandyrýan strategik ähmiýetli işleriniň depginleri we netijeleri ösüşiň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini ynamly aýtmaga doly esas döredýär.

     “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan taýsyz tagallary üçin mähriban Arkadagymyzyň  jany-sag,  ömri uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!   

Täzegül Gurbanowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok