Türkmenistanyň Prezidenti enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça milli strategiýany tassyklady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok