Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 1441-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menzili toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
“Türkmenhowaýollary” agentligine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy. Bu barada TDH habar berýär.
Teswirler