18-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.
Türkmenistan bu ugurda beýleki ýurtlar bilen hemişe tejribe alşyp durýar. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Saglygy goraýyş boýunça geçirilýän ähli halkara çärelere işjeň gatnaşýar.
Dünýäde ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýüze çykyp başlan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň Hökümeti bu howply kesele garşy aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Ýurdumyzda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, möhüm çözgütler kabul edildi, bu ýokanjyň öňüni almak boýunça öz wagtynda toplumlaýyn çäreler görüldi, zerur sanjymlar satyn alnyp, ilata tapgyrlaýyn sanjym etmek işleri geçirilýär.
Häzirki döwürde geçirilen örän uly işleriň netijesinde, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris, ýöne biz heniz arkaýynlaşmaly däldiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy N.Amannepesowa söz berdi. Ol COVID-19-yň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Ministriň aýtmagyna görä, ýurdumyz 2020-nji ýylyň başyndan bäri, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça uly tejribe toplady. Bu ugurda üç halkalaýyn öňüni alyş ulgamynyň işi ýola goýuldy.
Ýurdumyza ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagy has-da güýçlendirmek üçin Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütleri esasynda birnäçe çäklendirmeler girizildi.
Ilatymyzyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak (ilatyň arasynda immun gatlagyny döretmek) hem-de raýatlarymyzy lukmançylyk gözegçiliginden geçirmek (dispanserizasiýa) işleri alnyp baryldy. Häzirki döwürde COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym işlerini geçirmek dowam edýär.
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň halkara howa, awtoulag hem-de demir ýol menzillerinde, ulaglaryň ähli görnüşlerinde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, jemgyýetçilik iýmiti we azyk önümçiligi kärhanalarynda, bilim edaralarynda arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, soňky döwürde COVID-19 ýokanjynyň mutasiýa geçen täze, tiz ýaýraýan, agressiw, agyr geçýän we kynlyk bilen bejerilýän görnüşleri döredi. Wirusyň täze görnüşleri raýatlaryň bir ýurtdan beýleki bir ýurda geçip, wirusyň dürli görnüşlerini ýaýratmagy netijesinde döreýär.
Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, dünýäde dörän çylşyrymly epidemiologik ýagdaýlar ýurdumyzda alnyp barylýan netijeli öňüni alyş çäreleriniň güýçlendirilmegini talap edýär diýip, ministr belledi.
Ministr göz öňünde tutulan işleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.
Döwlet Baştutany daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmegi hem-de daşary ýurtlardan COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hemme edara-kärhanalaryň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidigini aýdyp, bu mesele boýunça yzygiderli hasabat berip durmagy tabşyrdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýurdumyzyň ähli ilaty babatda zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Ogulşat Durmuşowa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň
Himiýa fakultetiniň mugallymy.
Teswirler