Indi uçar peteklerini paýtagtyň poçta bölümlerinden alyp bilersiňiz!

“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşyk kompaniýasy Aşgabadyň ilaty üçin hyzmatlaryň gerimini barha giňeldýär. Indi paýtagtyň poçta bölümlerinden diňe demirýol ulagy üçin däl, eýsem ýerli howa ýollaryna-da petek almak bolýar. Uçar petekleri her gün 8.00-dan 20.00-a çenli işleýän 1, 15, 17, 20 we 35-nji poçta bölümlerinde ähli ugurlar boýunça satylýar.

Häzirki wagtda bu hyzmaty welaýat bölümlerinde ýola goýmak üçin işler alnyp barylýar. “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşygy şereketi özüniň www.turkmenpost.gov.tm saýty arkaly ýurduň we dünýäniň 190 ýurduna ýollamalary eltip bermäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin öýden çykmazdan akylly enjamlaryň kömegi bilen hem ýerine ýetirip bilersiňiz!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok