GARAŞSYZLYK — GELJEGE YNAM

Garaşsyzlyk munuň özi milletiň bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, halkymyzyň geçmişe we geljege ýaň salýan bagtyýarlyk we parahatçylyk mukamydyr.

Garaşsyzlyk nury türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasy bolup, halkymyzyň bagtyýar ertirlere uzaýan ak ýoluna ýalkym saçdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyllarynda gazanylan üstünlikler halkymyzyň ykbalyny düýpli üýtgetdi, at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy. Ösüşlere beslenýän şol ýyllaryň her birinde mähriban Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen belent sepgitleriň we döwletli tutumlaryň ýüzlerçesi bar. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylan täze maksatlara, ösüş menzillerine ýetmäge gönükdirilen toplumlaýyn işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň durmuşynda asyrlara barabar ýoluň geçilendigini görkezýär.

Özygtyýarlylyk, erkinlik, asudalyk, parahatçylyk ýaly jümleleriň ählisi hem «Garaşsyzlyk» diýen nurana sözden gözbaş alýandyr. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy hem hut şol ýörelgelerden binýat bolup, oňa merdana pederlerimiziň abadan, parahat durmuşda ýaşamak baradaky arzuw-islegleri siňendir. Arzuwlar il bähbitli tutumly maksatlara öwrülende bolsa, diňe beýik işler amala aşyrylýar, özgerişler ýaran bolýar. Bu Garaşsyz Türkmenistanyň mysalynda hem şeýledir.

Bagtyýarlyk zamanamyzda biz hem ýurdumyzy gülletmek ugrunda asylly zähmet çekýäris. Goý, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!

Gunça BAÝRAMOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok