IT ugurlary boýunça hünärmenleri ýetişdirýän ITEA akademiýasynyň Aşgabat şäherindäki okuw edarasy dabara bilen açyldy. Dabara dürli pudaklaryň wekilleri gatnaşdy we akademiýanyň hünärmenleri tarapyndan ýetirilen tanyşdyryş prezentasiýasyna tomaşa etdiler.
ITEA okuw merkeziniň maksady IT ugurlary boýunça hünärmenleri iň ýokary derejede, gysga wagtda we amatly şertlerde ýetişdirmekdigini, merkeziň ýolbaşçylary belläp geçýär. 3-5 aý ýaly gysga wagtyň içinde programmist, dizaýner, proýekt menedžer, biznes analitik ýaly ugurlar boýunça hünärmenleri ýetişdirýär.
ITEA dünýäniň meşhur Microsoft AEP, Microsoft Partner, Cisco Partner brendleriniň tassyklanan hyzmatdaşy bolup hereket edýär.
ITEA okuw merkeziniň Aşgabatdaky edarasynda häzirki wagtda Java, C++, HTML\CSS, PHP, programmirlemäniň esaslary ugurlary boýunça diňleýjileri kabul edýär.
ITEA akademiýasy Ukrainanyň Kiýew, Lwow, Harkow, Dnepr, Lutsk şäherlerinde, Özbegistanyň Daşkent şäherinde we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hereket edýär. Häzirki wagta çenli 16000 uçurymlary tamamlady. Bu uçurymlar JUNGO platformasynyň kömegi bilen dünýäniň iri IT kompaniýalarynda karýerasyny başlamaga we dowam etmäge mümkinçilik gazanýar. ITEA akamediýasynyň Aşgabatdaky wekilliginiň salgysy Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda ýerleşýär.
Merdan Ataýew
TSTP-nyň Aşgabat şäher
komitetiniň baş hünärmeni
Teswirler