BARHA ROWAÇLANÝAN BINAGÄRLIK PUDAGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde bu günki günde Aşgabat şäherimiz ajaýyp binagärlik aýratynlyklary bilen dünýä tanaldy. Ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik pudagynda amala aşyrylýan ägirt uly döwrebap özgertmeleriň netijesinde paýtagtymyz we welaýat merkezlerimiz gaýtalanmajak özboluşly bir milli binagärçilik keşbine eýe bolup, tanalmaz derejede düýpli özgerdi.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzda hem  döwlet Garaşsyzlygymyzyň  şanly 30 ýyllygy mynasybetli birnäçe desgalar gurulyp ulanylmaga berildi we berilýär. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.

Döwrebap täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak işleri, maýa goýujylara we buýrujylara bildirilýän ýokary ynamdyr. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr we gelejegi nazarlandyrýan strategik ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda ýokary depginli, netijeli, ekologiýa taýdan arassa döwrebap tehnologiýalar esasynda işleýän önümçiligi ýola goýmak, ony ylmy esasda ösdürmek üstünlikli dowam etdirilýär. Şular bilen baglylykda gurluşyk-senagat ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 131,6 göterime, ösüş bolsa 102,4 göterime barabar boldy. Söwda dolanyşygynda hem öndürilen önümleriň ösüşi 111,5 göterime deň boldy. Milli ykdysadyýetiň maliýe görkezijileriniň ýokary derejede bolmagy döwletimiziň senagat pudaklarynyň çalt depginler bilen ösmegine hem-de jemi içerki önümiň ösüşini ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Aýnur GOÇAKOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok