SANLY ULGAM BILEN DÖWREBAP BILIM

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, ykdysady nazarýet bilimleriň berilmegi hem-de ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary döwrebap, gelejegi nazarlaýan strategik ugrudyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ulgama geçirmek üçin birnäçe tagallalar edilýär.

Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň baş maksady türkmen ýaşlaryna dünýäniň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilimi elýeter etmekden ybarat bolup durýar. Bilim bermekde esasan hem dil öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny bellemegimiz gerek. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar daşary ýurt dillerini öwrenmekde oňat ýardam berýär. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geljegimiz bolan ýaşlaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmekleri, şolaryň netijesinde hem dünýä derejesinde bilim almaklary möhüm wezipedir. Bu döwrebap işleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyz ähli mümkinçilikleri döredýär. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy täze ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Maýsa TUWAKBAÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok