Iki ýyl öň Ynamdar.com onlaýn söwda dükany Aşgabat şäherindäki müşderilerini hyzmat edip başlapdy. Ýaňy ýakynda-da bolsa Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde-de şahamçalaryny ýola goýdular.
Indi bu platformanyň saýtyna girilende ilki bilen şäher saýlamak opsiýasy hödülenýär. Müşderi sargamazdan öň Aşgabat, Mary ýa-da Türkmenbaşy şäherlerinden birini hökman saýlamaly.

Bu şäherlerde hem bu onlaýn söwda dükanynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň sany günsaýyn artýar. “Ynamdaryň” sargyty aňsat ýagdaýda ýerine ýetirmek üçin hödürleýän tehniki mümkinçilikleri alyjylaryň göwnünden turýar. Websahypasy bilen bir hatarda Android we iOS mobil goşundylary, gapyda nagt we nagt däl töleg opsiýalary hem bu täze şäherlerdäki sarpedijileri diýseň kanagatlandyrýar.
Ynamdar.COM onlaýn saýtynyň ýolbaşçylary metbugat üçin pres reliz bilen paýlaşdy.
Ynamdar – Türkmenistanda onlaýn market hyzmatyny hödürleýän öňdebaryjy platformalaryň biridir.
Bizi bäsdeşlerimizden tapawutlandyrýan aýratynlyklarymyz:
- Tölegi nagt görnüş bilen bir hatarda bank kartlarynyň üsti bilen hem kabul edýäris.
- Sargytlaryňyzy gapyňyza çenli mugt eltip berýäris.
- Harytlaryň hiline doly kepil geçýäris. Ýagny, harytlaryň diňe resmi dilleri ýa-da öndürijisi bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
- Harytlary iň elýeterli bahalardan Size hödürleýäris.
- Platformada türkmençe we rusça dil goldawyny doly üpjün edýäris.
Size ýüzlerçe brendlere degişli bolan müňlerçe haryt görnüşlerini hödürleýäris. Haryt görnüşlerimizi sizden gelýän isleg we teklipleriň esasynda köpeltmäge dowam edýäris.
Eltip bermek hyzmatyny Aşgabat şäheriniň, Büzmeýiniň we Änew şäheriniň çägi boýunça ýerine ýetirýäris. Eger haýsydyr bir haryt göwnüňize ýaramasa tölegiňizi geçirmezden öň ony yzyna gaýtaryp bilersiňiz.
Onlaýn marketimizde yzygiderli arzanladyşlar we aksiýalar geçirilip durýar. Täzeliklerimizden habardar bolmak üçin bizi sosial sahypalarymyzdan hem yzarlap bilersiňiz.
Harytlary gözläniňizde kategoriýalary, brendler bölümini ýa-da gözleg ulgamyny ulanyp bilersiňiz. Soň aňsatlyk bilen tapmak isleýän harytlaryňyzy bolsa “Halanlarym” sanawyna goşup bilersiňiz. Şeýle hem sargydyňyzyň soňky ýagdaýyny we nirededigini “Sargytlarym” bölüminden yzarlap bilersiňiz.
Eger-de goşmaça isleg, teklip ýa-da şikaýatlaryňyz bolan ýagdaýynda meýilnamanyň “Aragatnaşyk” bölüminden bize ýazyp bilersiňiz. Sizden geljek her bir hat biziň üçin gymmatly!
Şeýle-de okaň:
Sanly ulgam – ösüşlere ädim
“Ynamdar” online markedi sergide çykyş etdi
Çagalar baradaky aladaňyzda “Ynamdar” ynamyňyzy ödär
“Ynamdar.COM”-yň priloženiýeleri hyzmatda
Ýylyň söwda we hyzmat pudagynyň öňdebaryjysy işewürleri
Teswirler