Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ylmy – amaly konferensiýa geçirildi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürildi. Tebigat bilen jemgyýetiň arasyndaky sazlaşygy, tebigatyň köpdürlüligini saklamak Türkmenistanyň uzak möhletleýin ekologiýa maksatnamasynyň baş maksady bolup durýar. Hormatly Arkadagymyz “Biziň ata-Watanymyz her birimiz üçin ezizdir, mähribandyr, mukaddesdir. Ösüşiň milli ýoly bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gulluk etmek parz işidir, mukaddes borçdyr” diýen pähimli sözlerinden uguralyp, tebigatyň gözelliklerini mydama goramalydyrys. Tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni” mynasybetli ylmy-amaly konferensiýa geçirildi hem-de uniwersitetiň ekologiýa mugallymlary we Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň Ýolbaşçy edarasy bilen bilelikde ekologik taslama sergisi gurnaldy. Geçirlen sergide türkmen tebigatynda duş gelýän dürli haýwanlaryň, guşlaryň, ösümlikleriňgörkezijileri we uniwersitetiň professor mugallymlary hem-de talyplary tarapyndan döredilen täsir galdyryjy ekologiýa taslamalary görkezildi. Şeýle işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň geljegi ýaş nesillermizde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine bolan söýgi döredýärwe ony gorap saklamaklyga borçly edýär. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, jemgyýetiň durmuş – ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir.

.

Maksatmyradowa Leýli,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň
tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok