Şäheri gurmagyň degişli inženerçilik, ýol-gurluşyk, täze binalardyr desgalaryň bezeg aýratynlyklary hem-de olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy bilen bagly öz içine alýan täze döwrebap taslamalar şu günki gün özüniň ajaýyplylygy, aýdyňlygy bilen durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň demirgazyk künjeginde, has takygy ak mermerli gözel Aşgabat şäherimiziň içinde peýda boljak täze “Aşgabat-siti” şäheri özüniň owadanlygy bilen tapawutlanýar. Ýurdumyzyň paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň çäklerinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we binalardyr desgalaryny, ýol-ulag düzüminiň gurluşyklaryny hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri hormatly Prezidentimiziň öňe süren geljegi nazarlandyrýan täzeçil strategik şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Mili ykdysadyýetimize maýa goýmak durnuklu ösüşiň möhüm ugry bolmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga giň mümkinçilikler berýär.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiziň döwlet baştutanlygynda ýurdumyzda maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça döwlet Maksatnamalary kabul edilýär hem-de durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Bu durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýär.
Maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýum serişdelerini giňden çekmek bolup durýar hem-de köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler döredilýär.
Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän maýa goýumlar we ýurdumyzyň içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem halkyň bähbidine, ýurdumyzyň ilatynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirlendir.
Döwrebap täze innowasion tehnologiýalara daýanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly, sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary özünde jemleýän häzirki zaman döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak işleri, maýa goýujylara we buýrujylara bildirilýän ýokary ynamdyr.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösdürilmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr we gelejegi nazarlandyrýan strategik ugurlaryň biridir.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmagyny üpjün edýän, sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýan hem-de täze-täze iş orunlaryny döretmek bilen, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge gönükdirilen çäreler netijeli ösüşiň girewidir.
Awdylhalyk Azyzow
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby
Teswirler