Ýurdumyzda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmek maksady bilen edara-kärhanalar tarapyndan birnäçe işler alynyp barylýar we ilata hödürlenilýän hyzmatlarynyň sany barha artdyrylýar. Muňa mysal edip “Daýhanbank” DTB hem ildeşlerimize ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemekde giň gerimli işler alyp barýar. Bank dürli hilli karz hyzmatlaryny hödürlemek bilen, ildeşlerimiziň döwrebap bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakda degişli işleri yzygiderli amala aşyrýar. Şeýle hyzmatlaryň biri hem “Owerdraft” bank hyzmatydyr.
“Owerdraft” karzy – söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatiki usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, “Owerdraft” karzy dikeldilýän bolup, ýagny müşderi bir gezek banka bu hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda bu bank karzyndan banka barmazdan zerurlygyna görä awtomatiki usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär.
“Owerdraft” karzy gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, soňky 6 (alty) aýdaky ortaça zähmet hakynyň esasynda hasaplanylýar we onuň möçberiniň 50 (elli) göterimden ýokary bolmadyk çägindäki gysga möhletli karzlary resmileşdirilýär. Karzyň ölçegi aşakdaky görnüşde hasaplanylýar:
O=((ZH1+ZH2+…+ZH6)/M)*50%, bu ýerde
O – owerdraftyň möçberi;
ZH1,ZH2,…,ZH6 – ýarym ýyl üçin hasaplanan zähmet haky hasaplary, hakujy tölegleri goşmak arkaly;
M – aýma-aý kart hasabyna geçirilen zähmet haklarynyň möhleti (bu ýagdaýda 6 aýyň dowamyndaky).
Eger-de, müşderiniň X manat ulanylan karzy, Y – bir ýylyň dowamyndaky gün sany (365 ýa-da 366), Z – karz ulanylýan gün sany bolsa, onda:
(X*10%)/Y*Z görnüşinde müşderiniň goşmaça tölegi hasaplanýar.
Ýagny, müşderi 100 manat karzy 30 gün alanan bolsa,
(100*10%)/365*30=0.90, bu ýagdaýda müşderi ulanan bank karzy boýunça ulanan karzynyň üstüne hasaplanylyşy ýaly 0.90 teňňe göterim töleýär.
Häzirki wagtda “Owerdraft” bank hyzmatyndan bankyň aýlyk zähmet haklary geçirilýän “Altyn asyr” bank kartyny saklaýjy müşderiler peýdalanyp bilýärler.
Suraýa Annamuhammedowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby
Teswirler