Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky «Altyn asyr» bank kartyny saklaýjy müşderilerine şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy sentýabryna çenli ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç almaga gelýän raýatlara bank tarapyndan gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde hasaplaşyklar geçirilende, «Altyn asyr» bank kart hasaplaryna «Cash back» pul sylagynyň 3 göterim möçberinde ýokarlandyrylandygyny habar berýär.
Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.
Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm
internet sahypasynda ýerleşdirilendir.
Teswirler