Türkmenistanda çap bolan ilkinji çagalar kitaby

Türkmenistanda çagalar üçin çap edilen ilkinji kitap mekdep ýaşyna ýetmedik çagala bagyşlanypdy. Ol tas 100 ýyl mundan ozal çap edildi. 1923-nji ýylyň tomsunda Köşi obasyna mugallymlar maşgalasynyň göçüp gelmegi bilen ilkinji çagalar bagy döredi. Şonuň bilen birlikde, ilkinji tejribe-nusgawy çagalar bagynda ulanylýan terbiýe we okuw usulyýetlerine uly gyzyklanma döredi. Şol döwüriň guramaçy mugallymlary öz çagalary barada täze başlaýan terbiýeçiler üçin goldaw bolup biljek bir kitap ýazmak pikirine geldiler. Netijede, 1930-njy ýylda Aşgabatda «Nobatçylar» kitaby çap edildi. Kitapda türkmen we rus dillerinde «körpeler üçin mekdep» durmuşy beýan edilýärdi.

1930-njy ýylda ýazylan kitabyň awtorlary Ýewgeniýa Stepanowna Dabeç we ony surat bilen bezän Wladimir Aleksandrowiç Gruzdýewdi. Bu kitaby şol döwürde, tanymal ýazyjylar Berdi Kerbabaýew bilen Hajy Ysmaýylow terjime etdiler. Türkmenistandaky ilkinji çagalar bagynda önüp-ösen çagalaryň köpüsi soň mugallym, ýazyjy, alym boldy. Olaryň arasyndan ajaýyp suratkeş Çary Amangeldiýewiň adyny agzamak bolar. Ilkinji çagalar bagynda terbiýe alanlaryň arasynda ýurdumyzyň, geljekki nesilleriň parahatçylygy, asudalygy ugrunda öz şirin janlaryny orta goýup Beýik Watançylyk urşunda söweşenler hem bar.

Oguljan ROZYÝEWA,

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok