Elektrik howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý edeliň!

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» DEK-nyň «Döwletenergogözegçilik» kärhanasy ýaşaýyş jaýlarynda elektrik howpsuzlygynyň kadalary barada aşakdakylary ýatladýar:

— birnäçe elektrik enjamlaryny bir wagtyň özünde bir elektrik paýlaýjy nokada (rozetka) birikdirmek gadagan;
— daşky gorag örtükleri zaýalanan elektrik enjamlary we geçirijileri (simleri) ulanmak gadagan;
— elektrik gözegçilik işleri geçirilende ýörite bilim derejesi bolan hünärmeni çagyrmaly;
— hojalykda elde ýasalan elektrik enjamlaryny ulanmak gadagan;
— elektrik enjamlaryny çagalaryň özbaşdak ulanmagyna ýol bermeli däl;
— rozetkalar we ýazdyryjylar çagalaryň eli ýetmez ýaly, olar ýörite gorag gapaklary bilen ýapylmaly;
— elektrik toguny köp mukdarda sarp edýän enjamlary gurnanyňyzda, olara barýan elektrik simleriň şonça mukdardaky kuwwatlylygy göterip bilýän görnüşini saýlamaly;
— elektrik togy arkaly gyzdyrylýan enjamlary (peçleri) köp wagtlap elektrik ulgamyna birikdirilgi ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmaly däl;
— elektrik enjamlaryny we geçirijileri öl el bilen ellemek gadagan.

Elektrik howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý edeliň!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok