Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasy gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Mary — Türkmenabat halkara awtomobil ýolunyň ugrundaky durky düýpli täzelenen 191-nji awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň täze binasyny gurup, ulanmaga berdiler. Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.
Bekediň gurluşyk-gurnama işlerini «Marygurluşyk» önümçilik birleşiginiň 7-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Beketde dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlar oturdyldy. Bu ýerde müşderiler öz awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, A-95 kysymlaryny, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Bekediň işgärleri sürüjiler bilen hasaplaşygy nagt hem nagt däl görnüşinde geçirýärler.
Täze beket her gije-gündizde alty ýüz elli awtoulaga hyzmat etmeklige niýetlenilendir. Bekediň ýanynda awtoulaglaryň ýagyny çalyşýan, awtoýuwalga hem-de teker bejerýän nokatlaryň hem bolmagy sürüjilere göwnejaý hyzmat etmeklige mümkinçilik berer.
Gözel Soltanowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.
Teswirler