Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi gurnaldy. Bu sergide haly önümleri, elde taýýarlanan dürli täsinje zatlar, başgada Türkmenistanda öndürliýän önümler ýer aldy. Gyzykly geçen serginiň dowamynda siz üçin ýörite söhbetdeşlikler taýýarladyk. Indi bolsa şol söhbetdeşlikleri size ýetirýäris:
“Humaý kids collection” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Ýazgül Kurbanowa:
“Humaý kids collection” 2020-nji ýylyň fewral aýynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda halkymyza ýokary derejeli, elýeterli hyzmatlary hödürleýär. Esasan çagalara gerekli bolan önümleri öndürýärsi. Çaga eşikleri, bäbek dolaglary, matras, prostynlar, çaga palatalary ýaly önümleri halkymyza hödürleýäris. Diýazn işlerini özüm alyp barýan. Ilkinji nobatda Ýowropa stillerine ýakyn gelýýän stildäki önümleri öndürýärsi. Çagalaryň oňaýlylygy biz üçin esasy zat bolandygy üçin ilkinji ýerde önümleriň rahatlygyna orun berýärsi. Önümlerimizi Gazagystan, Russiýa ýaly ýurtlara eksport edýäsir. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we ähli welaýatlara online arkaly söwda etmäge mümkinçilikleri bar. Gapa eltip bermek hyzmaty hem biziň kärhanamyzda ýola goýlan. Çig mal hökmünde öz ýurdumyzdaky önümleren peýdalanýarys, mundan başgada Türkiýe Respublikasynyň käbir kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk edýäris.
Söhbetdeşligi ýazga geçirenler:
Laçyn RAHMANOWA, Gülruh ATABAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary
Teswirler