“Türkmen – Tranzit” 270-den gowrak IT proýektlerini işläp düzdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramçylygy mynasybetli köpugurly sergi geçirildi. Sergini Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi, Dokma senagaty ministrligi, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi, Döwlet haryt-çig mal biržasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady. Biz hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary bolup bu sergä gatnaşdyk we türkmen telekeçileriniň birnäçesi bilen söhbetdeş bolduk.

Rejepgeldi Orazberdiýew – “Türkmen – Tranzit” hojalyk jemgyýetiniň taslama dolandyryjysy:

-“Türkmen – Tranzit” Türkmenistandaky döwrebap we ýokary tehnologiýaly IT-kompaniýa bolup, ol maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalary pudagynda işleýän ýokary tehnologik kompaniýany döretmek taglymyny iş ýüzüne geçirmek üçin 2010-njy ýylda döredildi we hasaba alyndy. Kompaniýa işewürligiň anyk meselelerini çözýän internet-dükanlaryny, korporatiw sahypalary, ýokary ýüklenen portallary we beýleki internet-taslamalary işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň web sahypalary taýýarlamak; programma üpjünçiligi dörediji; programma üpjünçiligi ornaşdyrma we alyp barma; kiberhowpsuzlyk boýunça; töleg ulgamyny ösdürmek we ornaşdyrma; habar beriş tehnologiýasy; elektron resminama dolanyşyk integrirlemek ýaly bölümleri bar. Häzirki wagtda kompaniýada 270-den gowrak işgärler işleýär. Kompaniýa döredilen gününden bäri 230-dan gowrak IT programmalary döredip edaralara we kärhanalara ornaşdyrdy. Gelejekde hem kompaniýa birnäçe işleri amala aşyrmagy öz öňünde maksat edinýär. Bularyň ählisi bolsa, häzirki döwürde ýurdumyzyň islendik pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Söhbetdeş bolan:
Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok