“Altyn asyr” köli türkmeniň altyn köli

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň pudaklaýyn düzüminiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy, täze iş ýerleriň döredilmegi netijesinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi günsaýyn ýokarlanýar. Bu babatda ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilendir.

Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysadyýetiniň toplumlaýyn we gyradeň ösdürilmegi babatynda Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan adyl we öňdengörüjilikli syýasatynyň netijeli guraly hökmünde uzakmöhletleýin taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirilýär. Muňa aýdyň mysal hökmünde, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, goşmaça suw gorlaryny döretmäge we daşky gurşawy gowulandyrmaga niýetlenen örän iri taslamalaryň biride “Altyn asyr” türkmen kölüdir.

Bu döwrebap iri taslamanyň amala aşyrylmagy bilen, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, geljekki nesiller üçin baý tebigatymyzyň gözelligini we baýlygyny saklamak, ony has hem gözelleşdirmek, şoňa görä-de tebigy serişdeleri netijeli we rejeli peýdalanmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginlerini gazanmak, ekologiýa howpsyzlygyny üpjün etmek we öňde goýulan wajyp wezipeleri çözmek kesgitlenendir.  

Häzirki döwürde hem artýan ilatyň we ösýän ykdysadyýetiň isleglerini kanagatlandyrmakda suwa esasy orun degişlidir. Şol sebäpli, suw gorlaryny artdyrmak, rejeli peýdalanmak we goramak meseleleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady syýasatynyň strategik möhüm ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Dünýäniň iň uly çölleriniň biri hasaplanýan Garagumda asyryň iň iri şor suwlary toplaýan taslama desgasyna öwrülen “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Bu ägirt uly möçberli täsin taslamanyň gurulmagynyň esasy maksady, ýurdumyzyň suwarymly ekerançylyk ýerlerinden çykarylýan ummasyz möçberdäki zeý şor suwlary toplamak maksady bilen,  döreýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almak üçin olary ýurdumyzyň sebitleriniň çäklerinden bir ýere ýygnamakdan we olary gaýtadan ulanmagyň ýollaryny işläp düzmekden ybaratdyr.

“Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalygynyň ekerançylyk we maldarçylyk pudaklaryny ösdürmekde, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda we döwletimiziň azyk howpsuzlygyny durnukly üpjün etmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowlandyrmakda, täze iş orunlaryny döretmekde ähmiýeti örän uludyr.

Ýurdumyzyň oba hojalygynda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge, mallaryň baş sanyny artdyrmaga mümkinçilik berjek “Altyn Asyr” Türkmen kölüniň we köle barýan akabalaryň zeý suwlaryny peýdalanyp, düza çydamly, şor toprakda ösmäge ukyply ot-iýmlik ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hem alymlarymyz ylmy-barlag işlerini yzygiderli geçirýärler. Ösümlikleriň käbir görnüşleri dürli derejede şorlaşan toprakda ösmäge, ýeterlik hasyl toplamaga, şeýle-de, şorlaşan meýdanlaryň üstki gatlagynda zyýanly duzlaryň azalmagyna ýardam etmäge hem ukyply bolýar.  Onuň netijesinde, öri meýdanlaryň  hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, şeýle-de uzak öri meýdanlarda gyşladylýan mallar üçin ätiýaçlyk ot gorlaryny ýerinde taýýarlamaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi bolsa, medeni zonadan, uzak örülere köp möçberlerde ätiýaçlyk ot-iýmleri daşamak üçin edilýän ulag çykdajylarynyň tygşytlanylmagyna, hem-de, mallaryň baş sanynyň abat saklanylmagyna ýardam edýär.

 “Altyn asyr” Türkmen köli tebigaty goraýyş çäreleri bilen utgaşdyrylýar. Şeýlelikde, akdyrylýan zeý suwlarynyň hilini gowulandyrmak üçin ony biologik usulda ýagny, ýokary derejeli ösümlikleriň kömegi bilen arassalanylýar. Suw serişdeleriniň peýdalanylmagy, sebitde tebigy ekologiýa ulgamyny gorap saklamagy halkara derejesinde üpjün etmek, bu ulgamda dünýäde gazanylan ylmy başlangyçlary we öňde baryjy tejribäni ornaşdyrmak işleri yzygiderli esasda üns merkezinde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, döwlet tarapyndan berilýän maliýe goldawyndan “Altyn Asyr” türkmen kölünde, onuň ýanaşyk ýerlerinde we daş töwereginde önümçilik taslamalary amala aşyrýan taraplaryň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň peýdalanmaklary üçin amatly şertler döredilýär.

Şeýle amatly şertleri döredip berýän we bu işleriň durmuşa geçirilmegi üçin  ýadawsyz aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Orazbike Nazarowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň

Ykdysadyýet fakultetiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok