Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

26-njy maýda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mamuka Murjikneli bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňledirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi Mamuka Murjikneli yzygiderli goldaw berenligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok