“Coca-Cola Bottlers” sergide

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly XX  halkara uniwersal sergä “Coca-Cola Bottlers” hojalyk jemgyýeti özüniň önümleri bilen gatnaşdy.

Türkmenistanyň çäginde «Coca-Cola» kompaniýasynyň resmi şahamçasy hökmünde 1998-nji ýyldan bäri işleýär. Ýeri gelende aýtsak, «Coca-Colanyň» Ýer ýüzünde 11 müňden gowrak zawody bar. Esasy öndürýän önümleri «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta Mandarin» we «Sprite».

Kärhananyň baş direktoryň kömekçisi  Ogulsuraý Kömekowa bilen söhbetdeşligiň dowamynda  ol bize şeýle gürrüň berdi:

Biziň önümlerimiz ýarym we bir litrlik plastik gaplarda öndürilýär. Ilatyň içinde «Coca-Cola Classic» has meşgurlyga eýedir. Häzirki wagtda «Coca-Cola Şekersiz» görnüşine hem islegi artdyrmak boýunça işleri alyp barýarys. Mälim bolşy ýaly, amerikan kompaniýa «Coca-Cola Şekersiz» görnüşini öndürmek üçin onuň üstünde 5 ýyl işledi. Önümiň reňki we tagamy «Coca-Cola Classic» bilen meňzeş bolup, esasy aýratynlygy onuň berhizlikdäki adamlara hem elýeterli bolmagydyr.

Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok