Ak ýollara rowana sen, Aşgabat

        Türkmen halky “Ak zat alnyňa ýagşy” diýip ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermerli gözel binalarydyr, ak ýollary türkmeniň ak kalbyna meňzäp duran ajaýyplykdyr.

     “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň 25-nji maýynda ýurdumyzyň gözel paýtagty ak mermerli Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagyna 140 ýyl doldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ak mermerli gözel Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy bolsa, türkmen halkyna ak mermerli gözel paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli toý sowgady boldy.

       Mähriban Arkadagymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň barha gözelleşýändigi, ösýändigi we özgerýändigi barada ajaýyp wasp edilýär.

      Hormatly Prezidentimiz: “Biz gözel şäherimizde milli öwüşginli, taryhy hem-de medeni gymmatlyklary özünde jemleýän dürli desgalary döretmek ugrunda köp tagalla etdik we serişde gönükdirdik. Şoňa görä-de, Aşgabadyň keşbi, hakykatdan hem onuň ýaşaýjylarynyň ýürekden söýgüsiniň janly mysalydyr. Şäheriň köp sanly desgalary özboluşly aýratynlyklara eýe bolandygy üçin, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi” diýip belleýär.  

      Milli Liderimiziň bu ýürekden syzdyryp aýdýan taryhy sözleriniň biz janly şaýady bolýarys. Sebäbi, gözel paýtagtymyzda giň gerim bilen gurulýan ak mermerli binalar hem-de desgalar türkmen halkynyň guwanjyna, söýgüsine öwrülýär.

     Gözel Aşgabadymyzyň başy asmana direýän beýik-beýik binalary, milli öwüşginli dürli-dürli owadan ýaşaýyş jaýlary, dynç almak üçin niýetlenen owadan seýilgähleri, döwrebaplygy bilen özüne çekýän ýer asty we ýerüsti geçelgeleri, dürli öwüşginleri bilen gijelerini we gündizlerini bezeýän, owadan şekilleri bilen haýrana galdyrýan suw çüwdürimleri ýürekleri joşdurýar.

      “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň, ak mermerli gözel Aşgabadymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynyň  öňsyrasynda halkymyza sowgat eden bu ajaýyp “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Goý, mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Oguldurdy Derýagulyýewa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň  uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok