Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Ak şäherim Aşgabat” atly gurnalan serginiň çäklerinde “Nur Ýüpek” hususy kärhanasynyň dizaýnerleri özüniň gündelik we toý lybaslary bilen çykyş etdiler.
Lybaslar ýüpek matadan edilip, milli öwüşgünde tikilipdir.
Bilşimiz ýaly, kärhananyň işi ýarym ýylyň içinde has işjeňligi bilen tapawutlanýar. Olar Türkiýeden we Hytaýdan gülýüpek matanyň ýüpek we bambuk görnüşlerini import edýärler. Şeýle-de onuň özüne degişli tikinçilik öýi hem hereket edýär. Olar dürli biçüwdäki köýnekleri taýýar görnüşde we buýurmalar esasynda halka hödürleýärler.
Kärhananyň harytlary teleýaýlymlarda, instagram sahypalarynda giňden mahabatlandyrylýar. Bu bolsa gysga wagtyň içinde meşhurlyga eýe bolmagy we müşderileriň harytlara bolan isleginiň artmagyna getirdi.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler