Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady” atly uçurymlaryň we ýaş alymlaryň ylmy hem-de innowasion taslama işleriniň sergisi geçirildi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlanan bu serginiň dowamynda ýaşlaryň ýerine ýetiren taslama işleriniň üsti bilen paýtagtymyzyň aýratynlyklaryndan söz açýan ylmy taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň döwrüň talaby, ylmyň soňky gazananlary bilen aýakdaş gitmegi başarýandyklarynyň kepili bolan bu sergi ýaşlaryň ylyma we taslama işlerine bolan höwesini has-da artdyrdy.
Bu sergä paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.
Guwançmyrat AMANGELDIÝEW
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy
Teswirler