25-nji maýda Aşgabatda 200 sany täze taksi ýolagçylara hyzmat edip başlar

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýokary hilli taksi hyzmatlary ýola goýulýar. “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiň hasabyna täze 200 sany “TOYOTA COROLLA” kysymly döwrebap ýeňil taksi ulaglary gelip gowuşdy. Bu barada “Awtoulaglary agentligi” web saýty hem habar berýär.

Aşgabat şäheriniň baýramçylygy mynasybetli bu döwrebap taksiler şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli taksi hyzmatlatlaryny ýerine ýetirmek üçin şu ýylyň 25-nji maýyndan ulanyşa goýberilerler. 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 76-05-01, 76-05-02, 76-05-03.

Gyzlargül ANNAGURDOWA

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok