2021-nji ýylyň 12-16-njy maý aýynyň aralygynda “Türkmen teatr sungaty” atly teatr bäsleşigi yglan edildi. Bu bäsleşikde teatrlar “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”atly kitabyň edebi esasynda düzülen sahnalary bile çykyş etdiler. Has dogrusy, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry “Ömür daragty”, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry “Soltan hakykaty hakda rowaýat”, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry “Seýitnazar Seýdi”, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teary “Alpnama”, A.S.Puşkin adyndaky rus drama teatry “Türkmeniň bagty”, Daşoguz welaýatyndaky Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly srama teatry “Watanym-seždegähim”, Lebap welaýatyndaky Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatry “Üç dana”, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama taetry “Arçman rowaýaty”, Balkan welaýatyndaky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet drama teatry “Soltan Jelaleddin” atly sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Bu ýerine ýetirilen sahna eserleriniň ählisinde hem türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, Ata-Watanymyzyň taryhyndaky buýsançly wakalara uly ähmiýet berilip, olarda millilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk we parahatçylyk giňden şöhlelendirildi.
16-njy maýda bäsleşigiň jemi jemlenip, 1-nji orna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama taetry, 2-nji orna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky mili sazly drama teatry, 3-nji orna bolsa Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatry mynasyp boldy. Bu bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda ýeňijilere hem-de iň gowy sahna eseri, iň gowy zenan keşbi, iň gowy sahna bezegi, iň owadan aktýor ýaly atlar bilen teatrlaryň döredijilik işgärleriniň içinden tapawutlananlara IP ýörite hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Aýjeren GADAMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby
Teswirler