Goýum bank kartlarynyň döwrebaplylygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek we ösdürmek, hem-de banklaryň müşderilerine hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we olaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda bank ulgamynda halkara tejribesinden ugur alnyp döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen bank kartlarynyň görnüşleri we bu bank kartlary bilen bir hatarda hödürlenýän bank hyzmatlarynyň sany yzygiderli ösýär, özgerýär.

Ýurdumyzyň banklary tarapyndan hödürlenen döwrebap hyzmatlaryň biride – goýum bank kartydyr.

Mundan onçakly köp wagt bolmadyk döwürde, bank edaralary banka goýum goýmak üçin bankyň müşderilerine ýörite goýum hasaplaryny açyp, olara goýum kitapçasy resmileşdirip berilýärdi. Banka goýum goýan müşderiler, özleriniň goýum goýan hasabyna hasaplanan bankyň göterim töleglerini bilmek ýa-da almak maksady bilen, her aýda banka barmaly we goýum kitapçasynda ýazgy etdirmeli bolýardylar. 

Döwrebap innowasion sanly tehnologiýalar arkaly ornaşdyrylan enjamlar arkaly  banklar öz müşderilerine, sanly döwrebap hyzmaty, ýagny goýum bank kartynyň hyzmatyny hödürledi. Şu günki günde bankyň müşderileri bu goýum bank hyzmatyndan giňden peýdalanýarlar we özleriniň pul serişdelerini goýum bank kartlaryna goýmak bilen, oňyn bank göterimini gazanýarlar. Müşderiler tarapyndan goýum bank kartyna pul serişdeleri nagt görnüşinde goýmak bilen, islendik wagtda yzyna nagt görnüşinde almaga mümkinçiligiň bardygyny, oňa hasaplanan bank göterimlerini her aýda banka barmazdan SMS-habaryň şahsy telefon belgiňe birikdirilmegi arkaly görmäge we goýum bank kartyndaky bar bolan pul serişdelerini islendik wagtda müşderileriň islegine laýyklykda nagt däl görnüşinde bankomatlaryň we töleg terminallaryň üsti bilen ýurdumyzyň islendik künjeginde tölegleriň geçirilmegine mümkinçilikleriň döredilendigini bellemelidiris.  

Sebäbi, bank edaralarynyň hödürleýän bank kartlarynyň arasynda goýum bank karty müşderiler üçin iň amatly görnüşidir. Bu goýum bank kartynyň kömegi bilen müşderiler diňe öz pul serişdelerini saklamak bilen çäklenmän, ol peýda hem gazanyp bilýär. Sebäbi müşderiniň goýum bank kartlarynda saklanýan pul serişdeleri ýyllyk göterim derejesiniň esasynda köpelýär. Bank göterimi her günki galyndy esasynda kesgitlenilýär we aýda bir gezek esasy pul möçberiniň üstüne goşulýar. Şeýle hem, beýleki hereket edýän bank kartlaryna garanyňda, goýum bank kartynyň ýyllyk hasaplanylýan göterim derejesi has ýokarydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän goýum bank kartynyň göterim derejesi ortaça 5-7%-e deňdir.

Goýum bank kartynyň peýdaly taraplaryny göz öňünde tutup, ýurdumyzyň bank ulgamynda bank kartlaryň bu görnüşi giňden ornaşdyrylýar.

Wesýet Çaryýew
Türkmen döwlet ykdysadyýet we

dolandyryş institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok