Paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp binalary Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi barha gülläp ösýän ak mermerli şäherimiziň abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Türkmenistanyň baş şäherinde alnyp barylýan tutumly işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň şaýadydyr.
Aşgabadyň täsin, owadan binagärlik çözgütlere eýe bolan özboluşly desgalary birnäçe gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi ynsan elleri bilen döredilen binagärlik sungatyny döwrebap ülňülere laýyklykda ösdürmek boýunça alyp barýan tutanýerli işleriniň öz miwesini berýändigini aňladýar.
2008-nji ýylyň iýun aýynda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada beýikligi 133 metr bolan iň beýik baýdak sütüninde ýaşyl tugumyz buýsanjymyz bolup, asuda asmanymyzda erkana parlaýar.
2010-njy ýylda paýtagtymyzyň görküne görk goşýan Halkara howa menzi-line barýan ýoluň ugrunda Oguz han we onuň alty ogly şekillendirilen «Oguz han» suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy.
2011-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabadyň günortasyny etekläp oturan Köpetdagyň belent gerişlerinde bina edilen, beýikligi 211 metre barabar bolan «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň gurluşyna girýän Oguz hanyň ýyldyzy dünýä binagärlik ulgamynda iň uly sekizburçluk ýyldyz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
2012-nji ýylda iň uly ýapyk görnüşli çarh hökmünde (beýikligi 57 metr) Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Älem» medeni-dynç alyş merkezi bagtyýar halkymyzyň iň bir gelimli ýerine öwrüldi.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda paýtagtymyz Aşgabat şäheri ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu buýsançly waka bolsa ýurdumyzyň ösüş depginini bütin dünýä ýene-de äşgär etdi. Bu günki gün ak şäherimiz Aşgabat bagtyýarlygyň mesgeni hökmünde dünýä doldy.
2016-njy ýylda esasy ýolagçy terminalynyň ýokarsynda iň uly gölüň şekil-lendirilmegi netijesinde, Aşgabadyň Halkara howa menzili «Iň uly göl» (705 m2) adyna eýe bolan binagärlik aýratynlygy üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Binagärlik gurluşy täsin bolan howa menzilimiz hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.
2017-nji Aşgabadyň täze döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem bu ýylda Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi halkara ölçegleriň ýokary talaplaryna laýyk gelýän, ekologik taýdan arassa serişdelerden taýýarlanan, häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda bina edilen, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
140 ýyllyk şanly senä barýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň keşbinde asudalyk, bagtyýarlyk nury elmydama şugla saçsyn!
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryşinstitutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler