Sanly ulgamyň sansyz mümkiçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly  bilim ulgamyny ösdürmegiň  Konsepsiýasyny» häzirki wagtda iki  tapgyrda üstünlikli durmuşa  geçirilýär. Bu Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň innowasion ösüşine görä, bilim bermegiň  ähli basgançaklary ýokary hilli  elektron bilim maglumatlary bilen  üpjün edilýär, bilim edaralarynda  berilýän bilimiň mazmunyny  baýlaşdyrylyp, hili ýokarlandyrylýar we okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

Okadylýan sapaklarda  institutynyň  mugallymy interaktiw, multimediýa tagtalaryndan, kompýuterlerden, proýektorlardan we internet      maglumatlaryndan, halkara tejribelerinden peýdalanyp, okatmagyň döwrebap usullaryny milli bilim ulgamynda ulanmak ýokary netije berýär. Mugallymlaryň okadýan dersinde internet maglumatlaryndan we dünýä tejribesini peýdalanyp, geçilýän temalar bilen baglanyşdyryp, okadýan dersi boýunça ýetilen sepgitler bilen baglanyşykly tapylan maglumatlar bilen çäklenmeli däl-de, talyplary şu dersiň haýsy ugry gyzyklandyrýan bolsa, olary şol ugur boýunça maglumatlary      ýygnamaga gönükdirmek bolýar. Milli aýratynlygy göz öňünde tutup, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda bilim-terbiýeçilik işleri ýokary derejede gurnalyar. Ýaşlaryň ene dilinden başga-da, daşary ýurt dillerini düýpli öwrenmegini gazanmak üçin, çagalarda bu endigi artdyryp, höwes döretmek, daşary ýurt dillerini öwretmekde mugallymlaryň ýokary taýýarlykly we tejribeli bolmagyny gazanmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

Wepa NAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 6-njy ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok