«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky täze möhletli goýumy hödürleýär

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek üçin «Arkadagly ak şäher» atly täze möhletli goýumy hödürleýär.

Bu goýum ýyllyk 12 göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar. Goýuma pul serişdeleriniň iň az möçberi 1000 (müň) manatdan başlap, 300 000 (üç ýüz müň) manada çenli nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartyňyzyň üsti bilen nagt däl görnüşde kabul edilýär.

«Arkadagly ak şäher» atly täze goýumyň 2021-nji ýylyň 1-nji maýyndan başlap, 1-nji iýulyna çenli açylýandygyny ýatladýarys.

Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-02-80.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň resmi www.tnbk.tm internet sahypasynda ýerleşdirilendir.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok