Watan goragçylary hatyralandy

9-njy maýda Gurbanguly Berdimuhamedow Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, wepat bolan esgerleri hatyralap, gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.  Dabara gatnaşanlar şol sanda, watan goragçylarynyň agtyklary-çowluklary, watandaşlarymyz ýatdan çykmajak günde mertleriň öňünde baş egdiler. Bu ýerde agzaçar sadakasy berildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýygnananlara ýüzlenip, geçmişi ýatlamak we wepat bolan esgerleriň hatyrasyna hormat goýmak halkymyzyň mukaddes borjy diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan hem paýtagtymyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň, Aşgabatdaky ýer titremesinde ejir çekenleriň hatyrasyna “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy guruldy.

Döwlet Baştutanymyz öten-geçen merhumlarymyzy ýatlap, Türkmenistanyň müftisine tebärek çykmagyny haýyş etdi. Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gül goýmak dabarasy geçirildi, sadakalar berildi.

Sona HALYKOWA

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok