Ýakynda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazyp tamamlan «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Gurluşyk we senagat toplumynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň guramagynda milli Liderimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Bu dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary, işgärleri, görnükli ýazyjy-şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Bu çärä gatnaşyjylar Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda şeýle ajaýyp kitaby sowgat berenligi üçin Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Gahryman Arkadagymyz bu kitapda paýtagtymyza, mähriban halkymyza bolan söýgüsini beýan edipdir. Kitap 6 bölümden ybarat bolup durýar.
Söhbet GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler