Garaşsyzlyk – arzuwlaryň wysaly

30 ýyl. Taryh üçin örän az möhlet. Emma türkmen Garaşsyzlygynyň yglan edilmegi bilen amala aşyrylan beýik işler, ýetilen sepgitler bolsa asyrlara barabar döwletli tutumlardyr. Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir. Garaşsyzlyk gudraty türkmen halkyny berkarar döwletli, özbaşdak Watanly etdi. Watan bolsa bagtyýar we asuda ýaşamagyň iň ilkinji şertidir. Türkmençilikde «Toýlar toýa ulaşsyn!» diýlen ajaýyp dileg bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly şol dilegiň myrat tapan ýylyna öwrülýär. Öňde duran şanly toýlara eziz Watanymyzyň her ýerinde uly taýýarlyk görülýär.

Garaşsyzlyk – türkmeniň nurly daňy, gülüp dogan bagt kuýaşy. Ol ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuwlarynyň hasyl bolmagydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda beýik ösüşlere, möhüm çözgütlere we taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen döwletiniň abraýy barha ýokary derejelere göterilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň berkararlyk binýady ykdysady taýdan has-da kuwwatlanyp, ägirt uly galkynyşlary başdan geçirýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. 

Gňzel HOJAGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok