Özbegistan–Türkmenistan–Eýran–Oman ugry boýunça synag otlusy hereket eder

Ýakynda, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň wekilleriniň arasynda nobatdaky wideoduşuşyk geçirildi.

Geçirilen wideomaslahatda Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman koridory boýunça synag otlusynyň geçirilişini guramak meselesine garaldy.

Taraplar daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak maksady bilen, ýük otlularynyň gatnawyny has ýeňilleşdirmek meselesinde özara düşünişdiler. Mundan başga-da, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň demirýol müdirlikleriniň ýolbaşçylary, 2020-nji ýylyň 21-nji maýynda bolup geçen duşuşygyň teswirnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berdiler.

Rahman ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok