Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan bu forumyň işi berkarar döwletimiziň okgunly innowasiýa ösüşinde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň gazananlarynyň ähmiýetini beýan etmekden ybarat boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde boldy. Bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bio- hem-de biolukmançylyk tehnologiýalary, nanoelektronika we maddalaryň interneti, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, kiberhowpsuzlyk ulgamynda taýýarlan bilelikdäki ylmy işleriniň sergisi guraldy. Onda dürli programmalar we taslamalar, intellektual ulgamlar, tehniki işläp taýýarlamalar, robotlar, dökünlere himiki hem-de biologik goşundylar we önümçilikde ulanylmaga gönükdirlen beýleki innowasiýa ugurly teklipler görkezildi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan maslahata gatnaşyjylar göni ýaýlymda sergi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Halkara forum ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryny, alymlary, dürli ulgamlaryň hünärmenlerini, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Sanly ulgam arkaly maslahata dünýäniň ýigrimi ýurdundan iri ylmy merkezleriňdir ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Munuň özi giň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmagyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berdi.
Umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Azerbaýjanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Efiopiýanyň, Polşanyň, Hytaýyň, Palestinanyň, Italiýanyň, Russiýanyň görnükli alymlary çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan ylmy we tehnologiýalary ösdürmekde ägirt uly ösüş gazandy, türkmen alymlarynyň ylmy gazananlary muňa şaýatlyk edýär, olar ykdysadyýetiň köp ulgamlarynda netijeli peýdalanylýar.
Çykyş edenler bilim ulgamy barada aýtmak bilen, Bilim ministrliginiň 2020-nji ýylda döredilen Innowasiýa maglumat merkeziniň ähmiýetini nygtadylar, onuň wezipesi sanly bilim konsepsiýasynyň meselelerini ilerletmekden ybaratdyr. Hususan-da, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de ugurdaş edaralaryň resmi web-saýtlaryny döretmek barada gürrüň edildi.
Batyr Mämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymy.
Teswirler