Aşgabatda täze ugur boýunça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ilatyň awtobus gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlary hödürlemek maksady bilen, “Türkmenawtoulaglary” agentligi №54 (Teke bazary – “Arkadag” myhmanhanasy) we №70 (Parahat – Döwletmämmet Azady metjidi) belgili iki sany täze awtobus ugruny açdy.

54-nji ugur boýunça awtobus “Teke bazary” belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar we soňra M.Kaşgarly – Döwletmämmet Azady köç. – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köç. – Alyşir Nowaýy köç. – Bitarap Türkmenistan şaýoly – Çandybil şaýoly – günbatara Bekrewe şaýoluna tarap öwrülýär. Yzyna awtobus Arçabil şaýoly – Bitarap Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – M.Kösäýew köç. – A.Gowşudow köç. – “Teke bazary” belleniş nokadyna gelýär.

70-nji ugur boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan hereket edip başlaýar, A.Garlyýew köç. – 10 ýyl Abadançylyk köç. – Nurmuhammet Andalyp köç. – Hoja Ahmet Ýasawy köç. – Arçabil şaýoly – Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binasynyň ýanynda öwrülip, yzyna Ankara köç. – 10 ýyl Abadançylyk köç. – A.Garlyýew köç. we “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Awtobus gatnaw ugurlarynyň ählisiniň tertibi bilen «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi web sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312443390, +99312443391.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok