Saglygy gorap saklamak adamyň ilkinji islegidir. Adam saglygyny goramak jemgyýetçilik gurluşy bilen aýrylmaz baglydyr. Halkyň saglygyny goramak baradaky ähli çäreler döwlet tarapyndan 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde kanunçylyk esasynda geçirilýär. Döwlet Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak babatda uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hormatly Prezidentimiziň üns merkezinden düşmeýär. Ine şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk görmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy. Bu abraýly ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Welosiped sporty federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde guramak tabşyryldy. Ýokary depginde alnyp barylýan işler hem-de döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm sport çäresi guramaçylykly geçiriler. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleri gatnaşar.
Milli Liderimiz Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyzyň dünýäniň olimpiýa hereketini ösdürmäge hem-de sporty wagyz etmäge mynasyp goşandydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz dünýä derejesindäki iri ýaryşyň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de Aziýanyň merjeni hasaplanylýan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda geçirilýändiginde çuňňur many bar.
Daşary ýurtly bilermenleriň baha bermegine görä, sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary hem-de işjeň wagyzçysy bolan türkmen Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanda diňe bir bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmak üçin däl, eýsem, ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredildi.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda soňky ýyllarda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Köpugurly stadionlar we ajaýyp sport toplumlary, ilkinji nobatda bolsa, sebitdäki iri Olimpiýa şäherçesi guruldy. Şu gezekki dünýä çempionaty hem Olimpiýa şäherçesiniň üsti ýapyk welotrek toplumynda geçiriler. Bularyň ählisi Halkara Olimpiýa komitetiniň ähli talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýär.
Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen, Türkmenistan üçin ýubileý ýylynda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, welosiped sportuny hem-de ekologiýa taýdan arassa we daşky gurşaw üçin howpsuz ulag görnüşi hökmünde welosipedi wagyz etmäge ýardam berýän mahabat we düşündiriş işlerine üns güýçlendirilýär.
Umumadamzadyň ýagty we nurana geljeginiň hatyrasyna watansöýüjiligiň ynsanperwerligiň, dostanalygyň belent nusgasyny görkezip, ajaýyp başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Seýtnazarowa SELBI,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler