Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda halkyň saglygyny gorap saklamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ilatymyzyň durmuş goraglylygyny netijeli üpjün etmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ilatymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň berilmegini üpjün etmek üçin milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, lukmançylyk edaralaryny iň täze enjamlar bilen üpjün etmek ýaly möhüm wezipelere döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan toplumlaýyn işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Häzirki döwürde bütin dünýä ýüzünde ýaýran ýiti öýken ýokanjy bilen baglanyşykly emele gelen çylşyrymly ýagdaý munuň şeýledigini ýene-de bir gezek subut etdi. Ýurdumyza ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işler turuwbaşdan yzygiderli amala aşyryldy.
Biz hem ýaşlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň her birinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigi barada giňişleýin düşündirýäris. Mundan başga hem häzirki wagtda agyz-burun örtüklerini dakynmagy, birek-birek bilen iki metr howpsuz araçägi saklamalydygyny yzygiderli nygtaýarys. Çünki, möwsümleýin ýokanç kesellerden her birimiziň goranmagymyz diňe bir öz saglygymyz üçin däl-de, eýsem, tutuş jemgyýetiň aladasydyr.
Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Özüňizi we töweregiňizdäki ýakynlaryňyzy dem alyş ýollary bilen geçip biläýjek ýokançlardan goramak üçin, agyz-burun örtügini kadalaýyk ulanmalydyr.
Enejan URAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler