Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň adyl ýolbaşçylygynda ýurdumyz ähli pudaklarda ösüşler gazanýar. Şolar bilen birlikde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek we ýurdumyzy dünýä ýüzüne tanatmak maksady bilen ýaşlarymyzyň bilim derejesine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň we halkara gatnaşyklarynyň ylym-bilim binýadyny kämilleşdirmek boýunça 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren maslahatynda berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara hukugy fakultetinde okaýan talyplary Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşykda biz ýaş hukukçylar Arbitraž kazyýetiniň iş tejribesi, Arbitraž kazyýetiniň kazylaryna bildirilýän talaplar, Arbitraž işler boýunça önümçiliginde alnyp barylmaly resminamalaýyn işler we olaryň çykaran çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin hukuk düşünjelerini aldyk. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti häzirki ösýän halkara gatnaşyklary ulgamynda Türkmenistanyň raýatlary bilen daşary ýurt raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň arasynda ýüze çykýan ykdysady jedellerini parahatçylykly çözmekligiň oňyn serişdesi bolup çykyş edýär. Bu babatda biz ýaş halkara hukukçylaryň bilim derejämiz has hem artdy.
.
Aýbölek AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.
Teswirler