“Hormatly Arkadag Prezidentimiziň ýörelgesi – nesillere görelde” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň ýaşlary bilen iş salyşýan pudaklaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklarynyň hem-de Türkmenistanyň Halk maslahatynyň we mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda “Hormatly Arkadag Prezidentimiziň ýörelgesi – nesillere görelde” atly maslahat geçirildi. Bilşimiz ýaly Gahryman Arkadagymyz mukaddes Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Gypjakdaky Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Ol sadaka Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitabynyň özbek diline terjime edilen nusgasynyň tanyşdyrylyşy boldy. Şular dogrusynda gürrüň berip, maslahatyň başynda alypbaryjy hökmünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdüri, professor Atajan Burunow açyş etdi. Soňra uly Hormat bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa söz berildi. Ol öz sözünde Hormatly Prezidentimiziň öňdengörijilikli adyl syýasaty, ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler we olara bildirilýän ynamlar, iki goňşuçylyk döwletleriň özara sylag-hormaty we hoşniýetlilik gatnaşyklary hakynda giňişleýin beýan etdi.

Indiki söz gezegi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýewe hormat bilen berildi. Ol hem öz gezeginde alnyp barylýan syýasatyň çuňňurlygy, parasatlylygy we türkmen ýaşlarynyň millilik duýgusy, maşgalanyň terbiýeleýijilik güýji we ilkinji jemgyýet gatnaşyklary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Soňra bolsa yzygiderlikde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Mährijemal Mämmedowa we Mämmetmyrat Geldiniýazowa söz berildi. Wise-premýerler ýurdumyzyň medeni gymmatlyklary hem-de olary aýawly saklamak, goňşy döwletler bilen geçirilmegi meýilleşdirilýän dost-doganlygy berkitjek çäreler hakynda, ýaşlaryň dünýä standartlaryna laýyk bilimli bolmagy we olaryň saglygy baradaky gaýragoýulmasyz aladalar hakynda gürrüň etdiler.

Soňra özüniň ynsan kalbyny heýjana getiriji sözleri, ganatly setirleri bilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy şahyrymyz Gözel Şagulyýewa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyza öz alkyşlaryny aýtdy. Halypa öz sözlerini:

Bir akylly oguldan,
Perzendi barym meniň,
Prezidenti barym meniň –
Türkmenistanym meniň!
diýen setirler bilen jemledi.

Ondan soňra ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň kafedra müdirleri, professorlar Italmaz Saparlyýew we Nurýagdy Suwhanow dagylar öz buýsançly çykyşlaryny etdiler. Mundan başga-da “Türkmenistan” gazetiniň Baş redaktory K.Rejebow we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň başlyklary, partiýalaryň ýolbaşçylary yzygiderlikde ýaşlaryň kämilleşmegini kadalaşdyrmak, olaryň maddy we ruhy üpjünçiligini gurplandyrmak barada täsirli çykyşlaryny ýetirdiler.

Ýeri gelende belläp geçsek, biziň ýurdumyzda Adyl Arkadagymyzyň saýasynda biz ýaşlara durmuşda öz ornumyzy tapmak, dünýäniň standartlaryna laýyklykda ylym-bilim almak, öz milliligimize we medeniýetimize sarpa goýmak we dünýä ýaýmak, Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny bildirmek we düşündirmek ýaly derwaýys işler batly depginde alnyp barylýar. Bu sözlere “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan “Ýaş wagyzçylar” toparynyň döredilip, topara agzalyga dürli pudaklardan saýlanan ýaş mugallymlara we talyplara öz ömrüni bilim bermege we wagyz-nesihata bagş eden ussat halypalar bilen ýakyn aragatnaşyk saklamaga döredilen  mümkinçiligi, hem-de şu günki abraýly Döwlet ýolbaşçylarynyň hatarynda Arkadag Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny we ündewlerini ilkinjileriň hatarynda eşitme mümkinçiliginiň döredilendigi aýdyň şaýatlyk eder diýip pikir edýän.

Goý biz üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän, bize bu ýolda esas we görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolup, tutýan ähli beýik işleri rowaçlyklar bilen amal bolsun!

Ýunus ALLANAZAROW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

“Ýaş wagyzçylar” toparynyň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok