“TurkmenAlem52.0Е” emeli hemrasyna 6 ýyl boldy

“TurkmenAlem52.0Е” ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasy “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasy tarapyndan “Spacebus” hemra platformasy esasynda guruldy. Ol 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy.

Bu aragatnaşyk hemrasy geostasionar orbitada ýerleşip, signaly bilen Ýewropanyň, Merkezi Aziýanyň Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar. Şu ýyl bu emeli hemranyň uçurylanyna 6 ýyl boldy.

“Türkmen Hemrasy” ÝGPJ, “TurkmenAlem52.0E” hemrasy arkaly ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, sanly tele we radio ýaýlymlaryny gurnamak, VSAT torlaryny döretmek, giň zolakly interneda girmek, emeli hemra giňişliginde pudaklaýyn we korporatiw aragatnaşyk torlaryny gurnamak ýaly birnäçe hyzmatlary halka ýetirýär.

2018-nji ýylda “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ öz FSS Teleportyny gurdy we “Newtec Dialog” platformasy esasynda, birnäçe VSAT torlaryny ýerleşdirildi. Üç ýyldan gowrak wagt bäri “Wide Network Solutions” media üpjünçisi, “TurkmenAlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly FTA (açyk ýaýlym) platformasynda pars, puştun we dari dillerinde 90-dan gowrak tele we radiolary ýaýlymlary berýär.

Gözel NURMETOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok