Diplomatik Merkeziň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýokary bilimiň ylmy binýadyny we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär we bu babatda ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň suw diplomatiýasyny ylmy taýdan içgin öwrenmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiz 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezini açmak baradaky Karara gol çekdi.

Merkeziň esasy wezipesi Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasatyny, ilkinji nobatda energetika, ulag we suw meseleleri boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmaga gönükdirilen başlangyçlaryny hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişini çuňňur öwrenmek esasynda hünär öwreniş we hünär kämilleşdiriş maksatly okuwlary guramak bolup durýar. Okuw merkeziniň çäklerinde amala aşyrylan ylmy-barlag işleri we geçirilen ýöriteleşdirilen okuwlary bu möhüm wezipeleri çözmeklige gönükdirilýär. Merkeziň okuw işleri talyplar üçin niýetlenen ýörite hem-de fakultatiw okuw dersleri, maksatlaýyn okuwlary görnüşinde alnyp barylýar.

Merkezde ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň, institutymyzda hereket edýän ylmy gurnaklarynyň gatnaşmaklarynda dürli görnüşli çäreler, maslahatlar we bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Merkeziň okuw işleri degişlilikde usulyýet, ylmy-barlag we tejribe öwreniş işleri bilen utgaşdyrylýar. Şu maksat bilen, mugallymlar tarapyndan okuw kitaplary we gollanmalary, ylmy-teoretiki we amaly-tejribe häsiýetli makalalar taýýarlanylýar hem-de şol ugurlar boýunça maglumat binýadyny döredilýär. Merkeziň wezipeleriniň çäklerinde we amala aşyrýan işlerine degişli meseleleri netijeli çözmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrylýar.

2021-nji ýylyň 10-njy martynda merkezde okuwlaryň nobatdaky tapgyry öz işine başlady. Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkeziniň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu tapgyrda, merkeziň diňleýjileri hökmünde institutyň ähli fakultetleriniň talyplaryndan düzülen topar gatnaşýar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, degişli temalar boýunça umumy we söhbet sapaklary geçirilýär. Sapaklar interaktiw usulda prezentasiýalar hem-de wideoşekilli maglumatlary ulanmak arkaly alnyp baryýar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, bu tapgyryň diňleýjilerine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň wekilleriniň şeýle-de, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda umumy hem-de söhbet sapaklary gurnalýar.

Ynha bu gun hem Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugry bolan “Suw diplomatiýasy” boýunça okuw Merkezinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalar departamentiniň geňeşçisi, Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçi M.Akmyradow “Suw diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýeti we wajyp orny. Suw ulgamyndaky ýöriteleşdirilen halkara guramalary” atly tema bilen diňleýjileriň öňünde umumy sapagyny geçdi. Umumy sapagyň dowamynda esasan hem ýurdumyzyň Suw diplomatiýasynyň esasy ugurlary, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, suw ulgamyndaky ýöriteleşdirilen halkara guramalary barada giňişleýin gürrüň edildi.

.

Amanbagt Ussaýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok