Garaşsyzlygymyzy gazananmyzdan soň, ýurdumyz bitewiligi, jebisligi saklap geljegi sary ädime-ädim ilerledi. Parahatçylygyň mesgen tutan bu mekany “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň astynda hereket edip ýurtda alnyp barylýan ähli işleriň esasy maksady halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ähli ugurlarda täze özgerişler gazanylyp, ýurt çalt depginde ösýär.
Gün saýyn ösýän-özgerýän ugurlaryň biri hem milli ykdysadyýetimizdir. Ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen baglanşykly Maksatnamalar, konsepsiýalar, kanunlar kabul edilip, hususy telekeçilik ösdürilýär. Daşary döwletler bilen ýakyn aragatnaşyk saklanylyp, bilelikde iki tarap üçin hem bähbitli işler alnyp barylýar. “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň” döredilmegi hem ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş telekeçilere döwlet tarapynda goldawyň berilýändiginiň aýdyň şaýadydyr. Geçen günlerde bu birleşmäniň döredilmegi mynasybetli uly sergi geçirildi. Şol sergide ýurdymyzda önüm öündürýän we halkymyzy hyzmatlary bilen üpjün etýän uly we kiçi telekeçiler gatnaşdylar. Hususy pudakdan 190 wekiliň gatnaşmagy ýurdumyzda bazar ykdysadyýetiniň ösýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Öndürilýän önümleri ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna elýeterli derejede ýetirilýär. Munuň bilen hem çäklenmän daşary ýurtlara eksport etmek işini hem amala aşyrýan hususy telekeçilermiziň bardygy bizi diýseň buýsandyrýar. Soňky on ýyllygyň dowamynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi we halkymyzyň durmuşyna ornaşdyrylmagy belli bir ýagdaýda olaryň işlerini ýeňilleşdirdi. Döwrebap tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrlan ykdysady pudaga degişli nokatlar has ýeňilleşdirlen görnüşde alyp barýarlar. Halkymyzyň isleglerine laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň gazanýan iň uly üstünligi bolup durýar.
.
TATOW Şirmuhammet,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler