“Genji -hazynam – milli mirasym” atly duşuşyk geçirildi

Aprel aýynda giňden bellenilýän “Türkmen bedewiniň hem-de türkmen alabaýynyň baýramy” mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Genji -hazynam – milli mirasym” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň işgärleri, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary gatnaşdylar.  Biz hem şol döredijilik duşuşygyna gatnaşan myhmanlar bilen söhbetdeş bolduk.

      Biziň söhbetdeşimiz döredijilik duşuşygynyň myhmany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinariýa lukmançylygy fakultetiniň atçylyk hünäriniň talyby Liliana Ýusupowa.

        Liliana, ynha häzirki wagtda “Türkmen bedewiniň milli baýramy şeýle-de türkmen alabaýynyň” baýramy mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli çäreler gurnalyp dur. Sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Şular dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

        Hakykatdanda-da, ady rowaýata öwrülen “asman atlary” ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ajaýyp bedewlerimiziň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň, gyzlarymyzyň ussatlygy tomaşyçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary öz üstüne ýüklenen wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýär. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dürli ýurtlarda ýerine ýetirýän ajaýyp hereketleri, şeýle hem sirk sungatynyň halkara festiwallaryndaky haýran galdyrýan çykyşlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

        Liliana toparyňyz ýurdumyzda geçirilýän dürli bäsleşikler bilen bir hatarda daşary ýurtlarda geçirilen halkara bäsleşikleriň hem birnäçesinde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Birnäçe döwletlerde bolup şol bäsleşiklerde özüňiziň ajaýyp çykyşlaryňyz bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýarsyňyz. Ýurdumyzyň abraýyny has-da beýgelden dünýä derejesindäki üstünlikleriňiz hakynda aýdyp berseňiz.

          Hawa, toparymyz birnäçe döwletlerde ýagny 2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda baş baýraga – “Altyn Idol” Kubogyna, 2014-nji ýylyň oktýabrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda baş baýraga – Altyn kuboga, 2015-nji ýylda Hytaýyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32- siniň arasynda iň gowy topar diýen ada  we baş baýraga mynasyp boldy. Mundan başga-da 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň  Çolpan-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda türkmen atlylary ýeňiji bolup, baş baýraga we 2018-nji ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen “Fontankadaky” sirk sungatynyň I Halkara sirk sungaty festiwalynda hem ýigitlerimiz “Altyn Gaetana” diýen baş baýraga mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýaşyl baýdagyny al-asmanda parlatdylar. Şol festiwalda Belgiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Portugaliýadan, Itaiýadan, Norwegiýadan, Russiýadan, Gazagystandan, Keniýadan, Ukrainadan we Türkmenistandan sirk artistleri çykyş edipdi. Ine, görşümiz ýaly

         Sagboluň Liliana beren täsirli we gyzykly gürrüňleriňiz üçin. Size we agzybir toparyňyza  türkmen atçylyk sportuny ösdürmekde, eziz Diýarymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmakda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris. Baýramlaryňyz gutly bolsun!

      Size-de okuwlaryňyzda şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýärin. Bütin türkmen halkymyzy türkmen bedewiniň hem-de türkmen alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn

    Sag boluň.             

Söhbetdeş bolan:
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok