Bir ýyllyk arakesmeden soňra Hazar deňziniň kenarynda Awazada dynç almaga mümkinçilikler ýola goýuldy. Bu barada türkmenportal habarlar saýty habar berýär. Şu ýylyň 16-njy aprelinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N. Amannepesowyň çykyşynda belleýşi ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň tomusky dynç alyş döwri 1-nji iýundan 14-nji sentýabra çenli bellenildi. Onuň sözlerinde belleýşi ýaly syýahatçylaryň doly derejede we rahat dynç almaklary üçin Ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy adatdan daşary göreş gullugy 13-nji aprelde Balkan welaýatynda iş saparynda boldular. Onuň çäklerinde ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen myhmanhanalaryň we kottejleriň umumy sanynyň ýarysyny ulanmak, dynç alyş meýdançalaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp: “Dynç almak üçin şertler örän ýönekeý, her bir adam koronowirusa garşy sanjym alyp, arkaýyn dynç alyp biler” – diýip belledi.
Şeýle-de ministr çagalaryň tomusky dynç alşynyň 2-nji iýundan 26-njy awgust aralygynda kesgitlenendigini belledi. Bu aralykda Aşgabatda we welaýatlarda ýaşaýan çagalar Awazada, Aşgabat şäherinde we Ahal welaýatynda ýaşaýan çagalar Gökderede, welaýatlardaky çagalar bolsa şol ýerdäki dynç alyş merkezlerinde wagtyny geçirip bilerler.
Ýatlap geçsek, Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaklyga çäklendirmeler geçen ýylyň maý aýynda tutuş dünýä ýaýran epidemiologiki ýagdaý sebäpli girizilipdi.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler