Bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreleri dabaralandyrmak, wagyz etmek maksady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň 5 ugry boýunça jemleri jemlendi.

“Garaşsyzlyk, Bitaraplyk – kalbymyzyň joşguny”, “Mirasymyz – buýsanjymyz”, “Mukaddesliklere sarpa”, “Şygryýetiň bilbili”, “Waspyň dillerde dessan – Arkadagly Türkmenistan”  ýaly ugurlar boýunça  geçirilen döredijilik bäsleşigine mirasgärler, žurnalistler, ýazyjy-şahyrlar, çeper döredijilik bilen meşgullanýan  raýatlar gatnaşdylar. Bu döredijilik bäsleşiginde merdana halkymyzyň ahlak-edep ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny, maşgala mukaddesliklerini çeper we many-mazmunly beýan edýän eserleri saýlanyp alnyp, ýeňijiler yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok