Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde aprel aýy sportuň we sagdynlygyň aýyna bagyşlanýar. Saglyk – bu ynsanyň iň beýik bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.
«Saglygyň gadryny bilgin, hassa bolmazdan burun» – diýip, Magtymguly atamyz ýöne ýerden aýdyp geçmändir. Çünki, saglygyň gadryny bilip ýaşamak, özüňi aýawly saklamak, şol bir wagtyň özünde-de, hassalanmankaň saglygyňa seretmek, sagdyn we bagtyýar durmuşyň özeni bolup durýar. Her bir adam özüniň sagdyn bolmagy üçin ilki bilen sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmalydyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak, saglygyňy berkidip durmak, arassaçylyk kadalaryny doly we dogry berjaý etmek sagdyn jemgyýetde sagdyn nesliň kemala gelmegi üçin ilkinji şertleriň biri hasaplanylýar.
Her bir ynsanyň saglygy onuň ýurdunuň baýlygy bilen deňelýär. Hormatly Prezidentimiz «Il saglygy – ýurt baýlygy» diýip aýtmak bilen halkymyzyň asuda, parahat durmuşda sagdyn bolup ýaşamaklary üçin uly tagallalar edýär. Gül Diýarymyzda berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alnyp barylýar. Şol sebäpden hem, ýurdumyzda saglyk üçin niýetlenilen dürli görnüşdäki sport toplumlarydyr, saglyk öýleri gurlup ulanylmaga berildi. Her ýylyň 7-nji aprelinde «Bütindünýä saglyk güni» uludan bellenilýär. Şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyzda-da, bu dünýä möçberinde alnyp barylýan baýramçylygy tutuş türkmen halkymyz hem uly dabara bilen belleýär. Diýarymyzda «Aprel aýy – saglyk aýy» hasaplanylýar. Şol mynasybetli hem bu aýda ýurdumyzyň ähli edaradyr-kärhanalarynda, mekdeplerdir, ýokary okuw jaýlarynda sport çäreleri yzygiderli guralýar.
Şonuň ýaly sport çäreleri, ýaryşlary ýurdumyzyň baýry ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi hasaplanylýan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem uly depginler bilen alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde baglary idetmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek ýaly ýowar işleri hem yzygiderli geçirilýär. Elbetde, munuň hem örän uly aýratynlygy bar. Sebäbi, arassaçylyk sagdynlygyň girewi hasaplanylýar. Bag-nahallarymyzyň elmydama gök öwsüp oturmagy, howamyzyň arassa we tämiz bolmagyna getirýär.
Garaşsyz, baky Bitarap watanymyzda halkymyzyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler